HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wladimir Putiniň Prezidentlige dalaşgär hödürlenmegi üçin gollar ýygnalýar

Dekabr 23, 2023 | 14:22 |10598
Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenmek üçin Wladimir Putine gol ýygnamak möwsümine badalga berildi. Bu barada dalaşgäriň saýlaw merkezi habar berýär.Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenmek üçin Wladimir Putine gol ýygnamak möwsümine badalga berildi. Bu barada dalaşgäriň saýlaw merkezi habar berýär.
Çeşme: ria.ru

Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenmek üçin Wladimir Putine gol ýygnamak möwsümine badalga berildi. Bu barada dalaşgäriň saýlaw merkezi habar berýär.

Saýlaw merkeziniň egindeş başlygy, Moskwa şäheriniň 52-nji hassahanasynyň baş lukmany, zähmet gahrymany Marýana Lysenkonyň sözlerine görä, dalaşgärler üçin gol ýygnamak möwsümi ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Ýörite taýýarlanan meýletinçiler ýurduň sebitlerinde bolup dalaşgärler üçin gol ýygnaýarlar. Putiniň saýlaw merkeziniň aklawçylary gol ýygnamak möwsüminde ýüze çykyp biljek hukuk bozulmalary barada gürrüň berdiler.

Prezident saýlawlarynyň çäklerinde, saýlaw merkezleri Russiýanyň 89 sebitinde gol ýygnamak işini alyp barar. Olar bu işi dynç günleri hem alyp bararlar. Halk hereketiniň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Mihail Kuznesowyň aýtmagyna görä, Wladimir Putiniň Prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezilmegini goldap, gol goýmak isleýän raýatlara amatly bolar ýaly hem-de döräp biljek nobatlaryň öňüni almak üçin sosial ulgamlarda saýlaw merkezleri bilen habarlaşmak üçin maglumatlary we gollary kabul etmegiň tertibi çap ediler.

Gollary ýygnamak işine müňden gowrak meýletinçi gatnaşar.

"Ýedinaýa Rossiýa" partiýasy hem Wladimir Putini goldamak üçin gollary ýygnaýar. Partiýanyň Merkezi ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Aleksandr Sidýakiniň aýtmagyna görä, munuň üçin partiýanyň sebitlerdäki ähli infrastrukturasy ulanylar we gol ýygnaýjylar üçin okuwlar hem guralar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 18-nji dekabrda öz-özüni hödürlemek arkaly Prezidentlige dalaş etmek üçin ýurduň Merkezi saýlaw toparyna resminamalaryny tabşyrdy.

Kanuna laýyklykda, Prezident saýlawlarynda öz-özüni hödürleýän dalaşgär azyndan 300 müň saýlawçynyň goldaýandygyny tassyklaýan goluny ýygnamaly. Şunda Russiýa Federasiýasynyň her bir sebitinden azyndan 7,5 müň goluň ýygnalmagy zerurdyr.

Dalaşgäri goldaýandygyny tassyklaýan gollar 27-nji dekabrdan 31-nji ýanwar aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparyna tabşyrylmaly. Şondan soň Merkezi saýlaw topary olary barlap, ähli resminamalara sereder we 10 günüň içinde Prezident saýlawlary üçin dalaşgäri bellige almak ýa-da ret etmek barada karar berer.

Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlary geljek ýylyň 17-nji martynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026