HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň hormatly imperatory Akihito 90 ýaş ýubileýini belleýär

Dekabr 23, 2023 | 21:03 |11306
23-nji dekabrda Ýaponiýanyň hormatly imperatory Akihito  90 ýaş ýubileýini belleýär diýip, RIA Nowosti habar berýär. Imperator köşgüniň müdirligi öz saýtynda ýörite beýanaty we gutlaglaryň tertibini ýerleşdirdi.23-nji dekabrda Ýaponiýanyň hormatly imperatory Akihito  90 ýaş ýubileýini belleýär diýip, RIA Nowosti habar berýär. Imperator köşgüniň müdirligi öz saýtynda ýörite beýanaty we gutlaglaryň tertibini ýerleşdirdi.
Çeşme: iz.ru

23-nji dekabrda Ýaponiýanyň hormatly imperatory Akihito 90 ýaş ýubileýini belleýär diýip, RIA Nowosti habar berýär. Imperator köşgüniň müdirligi öz saýtynda ýörite beýanaty we gutlaglaryň tertibini ýerleşdirdi.

Hormatly imperatory maşgala agzalary, müdirligiň işgärleri, şeýle hem Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida, parlamentiň wekilleri gutlarlar.

Akihito 202 ýylyň içinde Ýaponiýanyň imperatorynyň tagtyndan ýüz dörderen ilkinji imperator boldy. 2019-njy ýylda ol Hrizantema tagtyny uly ogly mirasdüşer şazada Naruhito geçirdi.

Şeýle hem hormatly imperator Akihito 1947-nji ýylda konstitusiýa kabul edilenden soňra höküm süren ilkinji imperator boldy. Konstitusiýa imperatoryň hukuk derejesini “Milletiň nyşany” hökmünde kesgitledi. Geçirilen sowalnama laýyklykda, ýaponlaryň 80 göteriminden gowragy hormatly imperatoryň öz wezipesini üstünlikli ýerine ýetirdi diýip hasaplaýarlar. Höküm süren döwründe ol halkdan tapawutlanmaga çalyşmaýardy.

Akihito 1959-nyj ýylda bir iri kompaniýanyň ýolbaşçysynyň gyzy Mitiko Sýoda bilen durmuş gurup, köpýyllyk däbi ilkinji gezek bozdy. Bu däbe laýyklykda, imperatorlar we şazadalar diňe asylzadalar bilen durmuş gurup bilýärler.

Parahatçylyga ymtylmak we uruşda wepat bolanlary hatyralamak onuň işiniň esasy ugurlary boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026