HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?

Dekabr 23, 2023 | 12:53 |10549
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa täze 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, konsertler we aýdym-sazly dabaralar barada hasabat berdi.Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa täze 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, konsertler we aýdym-sazly dabaralar barada hasabat berdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa täze 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, konsertler we aýdym-sazly dabaralar barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär. Täze ýyl mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler.

Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreler Garaşsyz ýurdumyzyň täze sepgitlere tarap batly gadamlaryny giňden açyp görkezmelidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026