HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjana barýan türkmenistanly syýahatçylaryň sany artýar

Dekabr 21, 2023 | 14:32 |6872
Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 121 467 syýahatçy bardy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 83 göterim köpdür.Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 121 467 syýahatçy bardy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 83 göterim köpdür.
Çeşme: report.az

Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 121 467 syýahatçy bardy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 83 göterim köpdür. Bu barada “Azernews” habar berýär.

Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň habar bermegine görä syýahatçylaryň sanynynyň ösüşi boýunça iň ýokary depgin Türkmenistana degişlidir. Has takygy, Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň sany iki ýarym esse (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,46 esse) artyp, jemi 23 401 syýahatça deň boldy.

Degişli döwürde iň köp syýahatçy Gazagystandan we Özbegistandan geldi. Geçen 11 aýda bu ýurtlardan degişilikde jemi 53 249 (90,7% ösüş) we 35 222 (49,7% ösüş) syýahatçy Azerbaýjana geldi. Şeýle hem Gyrgyzystandan 5 181 (49,7% ösüş) we Täjigistandan 4 411 (78,3% ösüş) adam ýurda syýahat etdi.

Hasabat döwründe jemi 1 893 679 syýahatçy (29,8% ösüş) Azerbaýjana syýahat etdi.

Ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri ýakyn ýyllarda syýahatçylaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýärler. Olaryň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýyla çenli her ýyl Azerbaýjana gelýän syýahatçylaryň sany 4 million adama ýeter

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026
BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

BAE-de çägäden we hurma çigitlerinden wodorod almak usuly tapyldy

18:12 Sentýabr 08, 2026