HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen elektrik energiýasy owgan paýtagtyna çenli baryp ýeter

Dekabr 22, 2023 | 16:25 |5665
Owgan hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Gani Baradar türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk sebitlerine – Jauzjana, Baglana we soňra Kabul şäherine eksport etmegi üpjün etjek taslama badalga berdi.Owgan hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Gani Baradar türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk sebitlerine – Jauzjana, Baglana we soňra Kabul şäherine eksport etmegi üpjün etjek taslama badalga berdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Owgan hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Gani Baradar türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk sebitlerine – Jauzjana, Baglana we soňra Kabul şäherine eksport etmegi üpjün etjek taslama badalga berdi. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenişi ýaly, taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen 500 kilowolt togy ibermäge we ýüzlerçe hojalygy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge şert dörär. Taslama elektrik energiýasyny Kabulyň üsti bilen ýurduň günorta sebitlerine hem ibermäge mümkinçilik berer.

Owgan hökümetiniň agzasynyň sözlerine görä, türkmen elektrik energiýasynyň eksporty ýurduň energetika mümkinçiliklerini artdyryp, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda hyzmatdaşlar üçin täze gözýetimleri açýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystan bilen energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we Günorta Aziýa sebitine täze bazarlary açmaga gönükdirilen birnäçe iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026