HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkent şäherinde korrupsiýa garşy durmagy alamatlandyrýan ýadygärlik açyldy

Dekabr 21, 2023 | 17:00 |8784
Daşkent şäherinde korrupsiýa garşy göreşmekde halkara tagallalary alamatlandyrýan ýadygärlik bina edildi.Daşkent şäherinde korrupsiýa garşy göreşmekde halkara tagallalary alamatlandyrýan ýadygärlik bina edildi.
Çeşme: president.uz

Daşkent şäherinde korrupsiýa garşy göreşmekde halkara tagallalary alamatlandyrýan ýadygärlik bina edildi.

19-njy dekabrda onuň açylyş dabarasy geçirilip, oňa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani gatnaşdy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

2-1.jpg

Halkara jemgyýetçiliginiň korrupsiýa garşy tagallalaryny alamatlandyrýan ýadygärlik “Tashkent City” işewürlik merkezinde ýerleşýär. Ýadygärlik ýokaryk uzaýan eli we açyk barmaklary bilen 12 metrlik metal kompozisiýadan ybarat bolup, niýetleriň dogruçyllygyny we arassalygyny aňladýar. Bu ýadygärlik beýleki ýurtlara korrupsiýa garşy göreşde birleşmäge çagyryşdyr. Onuň açylyşy şu ýylyň ahyrynda geçiriljek Özbegistanda korrupsiýa garşy göreşde gazanan üstünlikleri üçin ýokary halkara baýragynyň gowşurylyşyna gabat geldi.

Malaýziýanyň, Ruandanyň we Tunisiň paýtagt şäherlerinde şuňa meňzeş ýadygärlikler eýýäm bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026