HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti nähili bölünip berler?

Dekabr 21, 2023 | 10:47 |13806
Döwlet býujetnde durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň tutýan paýy 77,3 göterim göz öňünde tutulyp, şonuň 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýyşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.Döwlet býujetnde durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň tutýan paýy 77,3 göterim göz öňünde tutulyp, şonuň 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýyşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.
Çeşme: fineconomic.gov.tm

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi geljek ýylda Döwlet býujetiniň serişdeleriniň bölünişini beýan edýän makalany çap etdi. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew tarapyndan ýazlyp, “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Döwlet býujetnde durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň tutýan paýy 77,3 göterim göz öňünde tutulyp, şonuň 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýyşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.

Aşgabat şäheri boýunça 2024-nji ýylda bölünip berlen býujet serişdeleri geçen ýyldakydan 10,8 göterim, Ahal welýatynyňky 7,1 göterim, Balkan welaýatynyňky 9,5 göterim, Daşoguz welýatynyňky 9,4 göterim, Lebap welaýatynyňky 9,2 göterim, Mary welaýatynyňky hem 8,1 göterim köpdür.

Ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik maksatly desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberinden 67,8 göterimi, önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterimi harçlanar.

Býujetiň I derejesiniň girdejileri, ýagny salgytlar we býujete geçirilýän beýleki tölegler boýunça serişdeleriň gelip gowuşýan möçberi 32 865,0 million manat möçberde meýilleşdirilip, 2023-nji ýyl üçin tassyklanan derejesine garanyňda, 12,8 göterim ýokarydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026