Mekdep okuwçylary düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşige çagyrylýar


Russiýanyň Ylmy-barlag taslamalary halkara merkezi 2023-2024-nji okuw ýylynyň “Rus dili bilen täsinlikleri döredip bolýar!” atly düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşige ýüztutmalaryň kabul edilýändigini yglan etdi. Oňa 7 – 18 ýaş aralygynda mekdeplerde we beýleki bilim edralarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň maksady ýaş zehinleri-publisistleri ýüze çykarmak we özbaşdak döredijilik eseri hökmünde düzme ýazmak däplerini ösdürmekden ybaratdyr. Bellenişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň olimpiadalaryň, intellektual we döredijilik ýaryşlarynyň sanawyna girendir.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak üçin ene-ata ýa-da mugallym degişli sowalnamany dolduryp tabşyrmaly. Şeýle hem, tabşyrylýan her bir işde ýolbaşçy bolmalydyr. Bäsleşige tabşyrylýan eserler şu žanrlaryň birine degişli bolmaly: hekaýa, erteki, hat, gündelik, ýol ýazgylary, oçerk, reportaž, söhbetdeşlik, söz, düzme, syn.
Bäsleşik boýunça has giňişleýin şu salgy boýunça öwrenip bilersiňiz.
ORIENT news








