HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt, "Web3", metagiňişlik: 2023-nji ýyl tehnologiýa üstünlikleriniň ýyly boldy

Dekabr 19, 2023 | 18:23 |12490
2023-nji ýylyň jemlerini jemläp, şu ýylyň tehnologiýa ulgamynda gazanylan esasy üstünliklerine ser salalyň.2023-nji ýylyň jemlerini jemläp, şu ýylyň tehnologiýa ulgamynda gazanylan esasy üstünliklerine ser salalyň.
Çeşme: arabianbusiness.com

2023-nji ýylyň jemlerini jemläp, şu ýylyň tehnologiýa ulgamynda gazanylan esasy üstünliklerine ser salalyň. 2023-nji ýylda emeli intellektiň, Internetiň 3-nji nesliniň we metagiňişlik düşünjesiniň utgaşmagy hakyky döredijilik we innowasiýa garyndysyna öwrüldi.

"ChatGPT" ulanyjylaryň isleglerine jogap berip, gepleşikleri dowam etdirip, goşgy ýazyp ýa-da kodlary, ýazgylary ýazyp bilýän we hatda şahsy maslahatlaryny berip bilýän umumy çat-botdyr. Ol iş prosesini ýönekeýleşdirdi we gündelik durmuşumyza emeli intellektiň jadylaýjy täsirlerini goşdy.

Ýazgylaryň esasynda janly we reňkli şekilleri döretmäge ukyply innowasion nerw ulgamy bolan “Midjourney” programmasy heniz bişmedik pikirleri haýran galdyryjy wizuallara öwürýän döredijilik Muzasy (grek rowaýatlaryndaky döredijiligiň hudaýy) boldy. Ol döredijilik işlerine emeli intellektli tehnologiýalary getirip, adamlaryň döredijilik işine çemeleşişini özgertdi.

Internetiň geljekki üçünji nesli (Web3) sanly gurşawda ynamy we aç-açanlygy berkitmegi maksat edinýär. Ol ygtybarly özara gatnaşygyň gadyryny bilýän müşderilerde uly seslenme döredýär.

Döredijilikli "pikirlenip" täze zatlary döretmäge ukyply emeli intellekt mazmun döretmekde täze gözýetimleri açdy. Ol döredijiligiň çäklerini giňeltdi we bir wagtlar diňe hyýalymyzyň bir bölegi bolan pikirleri durmuşa geçirdi.

2024-nji ýyla we geljege ser salamyzda bolsa, biz adamzadyň öňünde açylýan täze mümkinçiliklerden ruhlanýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026