HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2030-njy ýyla çenli Özbegistan awtoulag önümçiligini artdyrar

Dekabr 19, 2023 | 21:17 |8666
Özbegistan 2030-njy ýyla çenli awtoulaglaryň öndürilişini 1 milliona ýetirmegi maksat edinýär.Özbegistan 2030-njy ýyla çenli awtoulaglaryň öndürilişini 1 milliona ýetirmegi maksat edinýär.
Çeşme: yuz.uz

Özbegistan 2030-njy ýyla çenli awtoulaglaryň öndürilişini 1 milliona ýetirmegi maksat edinýär.

Bu barada awtomobil gurluşygyny we oba hojalyk maşyn gurluşygyny ösdürmegiň çäklerindäki teklipler bilen tanyşmak boýunça geçirilen maslahatda mälim boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Uzawtosanoat” hojalyk jemgyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyny çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtady hem-de elektromobilleriň önümçiligine aýratyn üns berilmelidigini we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryň önümçiliginiň ýola goýulmalydygyny belledi.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileri elektromobilleriň önümçiligine geçýärler. Geljek ýylda Özbegistanda ýylda 10 müň elektromobil öndürmäge ukyply zawod işe giriziler.

Çirçik şäherinde oba hojalyk ulaglaryny öndürýän önümçilik hereket edýär. Bu ýerde ýylda 15 müň traktor, tirkegler we beýleki tehnikalar öndürilýär.

Awtoulag senagaty Özbegistanyň senagatynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup, soňky alty ýylda bu pudak depginli ösdürilýär.

Bu pudagyň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 2017-nji ýylda 0,6 göterimden, 2022-nji ýylda 1,1 göterime ýetdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026