HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Bir penjire” ulgamyny işe girizmegiň oňyn netijesi bellenildi

Dekabr 19, 2023 | 10:39 |6937
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň degişli wekilleri işjeň gatnaşdylar. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň taslamasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy hem-de BMG-nyň Söwda we Ösüş Konferensiýasy bilen bilelikde taýýarlanyldy. Bu taslama ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eksport-import amallary bilen bagly hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly bir ýerde jemleýär.

Pudagara toparynyň mejlisiniň çäginde, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi bilen bagly çäreler hem-de Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada çykyşlary guraldy.

Ýakynda işe girizilen «Bir penjire» ulgamy arkaly daşary söwdada harytlaryň eksportynda we importynda gümrük amallarynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna, kagyz resminamalaryny azaltmaga, raýatlara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga hem-de gümrük işinde sanly mümkinçilikleriň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa harytlaryň eksport möçberiniň artmagy bilen bagly, ýurdumyzdan daşary söwda dolanşygynyň ýokarlanmagyna uly itergi berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026