Ýene-de bäş türk gymmatlygy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi


Türkiýäniň ýene-de bäş sany medeni gymmatlygy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkiýäniň utgaşdyrmagynda Azerbaýjan, Eýran, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde taýýarlanylan “Ilýumirlenen ýazuw”; Eýranyň utgaşdyrmagynda Türkiýe, Azerbaýjan we Özbegistan bilen bilelikde taýýarlanylan “Iftar we iftar bilen baglanyşykly durmuş-medeni däpler”; Azerbaýjanyň utgaşdyrmagynda Türkiýe bilen bilelikde taýýarlanylan “Meý/balaban ussatlygy we ony ýerine ýetirmek sungaty”; Türkiýäniň utgaşdyrmagynda Azerbaýjan bilen bilelikde taýýarlanylan “Sadap bilen bezemek sungaty” hem-de “Türkiýede zeýtun ösdürip ýetişdirmegiň däp bolan usullary we tejribesi” atly hödürnamalar girizildi.

Bu baradaky degişli çözgütler Botswana Respublikasynyň Kasana şäherinde geçirildi. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edildi.
Şeýlelikde, Türkiýeden Sanawa girizilen hödürnamalaryň sany 30-a ýetdi. Respublika ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen obýektleriň sany boýunça ýurtlaryň arasynda 2-nji orny eýeledi.
ORIENT news








