HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

18-nji dekabr – Kataryň Milli güni

Dekabr 19, 2023 | 00:04 |10052
18-nji dekabrda Kataryň Milli güni bellenýär.18-nji dekabrda Kataryň Milli güni bellenýär.
Çeşme: po-ehali.ru

18-nji dekabrda Kataryň Milli güni bellenýär.

"Doha News" onlaýn habarlar neşiriniň mälim etmegine görä, bu möhüm sene mynasybetli Katar Döwletiniň Emiriniň Diwany resmi iki günlük dynç alşy yglan etdi. Emirligiň ähl ilaty 19-njy dekabrda iş ýerlerine gaýtadan dolanyp bararlar.

Kataryň Milli güni 1878-nji ýylda ýurduň birleşdirilen senesini alamatlandyryp döredildi. 1878-nji ýylyň 18-nji dekabrynda häzirki zaman Katar Döwletiniň düýbüni tutujy Şeýh Jassim bin Muhammet Al Tani tagta çykdy. Ol Katar ýarym adasynyň Baştutany hökmünde kakasy Muhammet bin Taniniň ornuna geçdi.

Katar ilki ýarym adanyň gündogar kenaryndaky Bahreýn halyflygynyň golastyndady. Halyflyga garşy nägilelikler we Beýik Britaniýanyň goldawy Şeýh Muhammet bin Taniniň ýurdy dolandyrýan nesilşalygynyň döredilmegine sebäp boldy. Bu nesilşalyk häzirki güne çenli ýurdy dolandyrýar.

1916-njy ýylda Katar Beýik Britaniýanyň garamagynda boldy. 1971-nji ýylda Beýik Britaniýa Pars aýlagy sebitini terk edenden soň doly garaşsyz we özbaşdak boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026