HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Internetde her minutda nämeler bolup geçýär: adamlar Google-a has köp girip, ýöne has az wideo görmäge başladylar

Dekabr 18, 2023 | 08:37 |9476
Domo kompaniýasy her minutda internetde nämeleriň bolup geçýändigine bagyşlanan Data Never Sleeps neşiriniň 11-nji sanyny öz resmi saýtynda ýerleşdirdi.Domo kompaniýasy her minutda internetde nämeleriň bolup geçýändigine bagyşlanan Data Never Sleeps neşiriniň 11-nji sanyny öz resmi saýtynda ýerleşdirdi.
Çeşme: 3dnews.ru

Domo kompaniýasy her minutda internetde nämeleriň bolup geçýändigine bagyşlanan Data Never Sleeps neşiriniň 11-nji sanyny öz resmi saýtynda ýerleşdirdi.

Kompaniýanyň bilermenleri Ählumumy torda her minutda bolup geçýän wakalaryň has göze ilýän ýyllyk statistika görkezijileriniň birnäçesini bellediler. Şu ýyl 241 million elektron hat, 2022-nji ýylda bolsa 231,4 million elektron hat ugradyldy.

Şeýle hem adamlar Google-a has köp girip başladylar. 2023-nji ýylda Google-da her minutda 6,3 million gözleg ýerine ýetirildi. Geçen ýylda bu görkeziji 5,9 milliondy. Munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,7 % köpdür.

Şeýle hem bilermenler tutuş dünýä boýunça jemi 25,1 million sagat internet ulanylandygyny, Twitter sosial ulgamynda (X) her minutda 360 müň hat ugradylandygyny anykladylar.

Ählumumy toryň ulanyjylarynyň umumy sany artmagyny dowam edýär. 2023-nji ýylda olaryň sany 5,3 milliarda ýetdi, 2020-nji ýylda bolsa bu san 4,5 milliarda deň bolupdy. Internetde wideo görmegiň derejesi bolsa peseldi. (2023-nji ýylda wideo görmegiň dowamlylygy 114 ýyl bolan bolsa 2023-nji ýylda ol 43 ýyla deň boldy.

Şeýle hem şu ýyl bu neşirde OpenAI ChatGPT kompaniýasynyň emeli intellektli çat-boty barada maglumat ýerleşdirildi. Bu çat-bot her minutda 6944 buýurma kabul etdi.

Domo kompaniýasynyň bilermenleri Internetiň işi baradaky maglumatlary 2013-nji ýyldan bäri toplap gelýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026