HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Dekabr 16, 2023 | 11:55 |6783
Beýikligi 44 metre, ini hem 16 metre ýetýän Türkmenistanyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy.Beýikligi 44 metre, ini hem 16 metre ýetýän Türkmenistanyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Beýikligi 44 metre, ini hem 16 metre ýetýän Türkmenistanyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy giňişligindäki iň belent arça müň dürli yşyklar we bezegler bilen ýalkym saçdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbabanyň we Garpamygyň peýda bolmagy bilen, Aşgabadyň "Älem" medeni dynç alyş merkezinde artistleriň we çagalaryň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere gelmezinden ozal, Aýazbaba we Garpamyk Arkadag şäherindäki Täze ýyl baş arçasynyň ýanynda guralan dabaralara hem gatnaşdylar.

"Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi" diýlip, habarda bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026