HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sian 2023-nji ýylda Hytaý - Ýewropa ugry boýunça 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi

Dekabr 15, 2023 | 21:11 |13793
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi.Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi.
Çeşme: news.cn

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,6 göterim köpdür. Bu barada ýerli dolandyryş edarasy "Sinhua" habarlar agentligine mälim etdi.

Işe girizilen wagtyndan, ýagny 2013-nji ýyldan bäri geçen 10 ýylda Sian Hytaý - Ýewropa halkara demir ýol geçelgeleriniň çäklerinde 21,1 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi. Şeýlelikde, Sianyň halkara port stansiýasy degişli ugur boýunça 20 müňden gowrak otly düzümine hyzmat eden Hytaýdaky ilkinji demir ýol stansiýasy boldy. Şundan çen tutsaň, ortaça her 100 minutdan bu demir ýol stansiýasyna bir demir ýol ýük otlusy geldi ýa-da bu ýerden ugrady.

Häzirki wagtda Hytaý - Ýewropa ugrunyň 17 sany halkara ulag geçelgesi Sian şäheri bilen özara baglanyşyp, ol Ýewraziýa ugradylýan harytlaryň esasy merkezidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026