HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň dil öwreniji alymlary "tegelek stol" maslahatyny guradylar

Dekabr 15, 2023 | 20:41 |11556
Kazanyň halkara dil sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň dil öwreniji alymlary "tegelek stol" maslahatyny geçirdiler.Kazanyň halkara dil sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň dil öwreniji alymlary "tegelek stol" maslahatyny geçirdiler.
Çeşme: kpfu.ru

Kazanyň halkara dil sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň dil öwreniji alymlary "tegelek stol" maslahatyny geçirdiler. Ol Kazanyň Federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeniýetara kommunikasiýa instituty tarapyndan guraldy. Bu barada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty habar berdi.

Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata türkmen tarapyndan rus dili mugallymlar gatnaşdylar. Onda Maýsa Ataýewa "Çagalarda iki dilliligiň ösüşi" atly temada çykyş edip, bu işde goýberilýän esasy säwlikler barada durup geçdi.

Mugallym Gözel Orazmuhammedowanyň çykyşy geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenjek Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň leksikasyna bagyşlandy.

Kazanyň Federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeniýetara kommunikasiýa instituty Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iri hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary okuw mekdepleri birek-biregiň çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Bellenişine görä, Kazan şäherindäki uniwersitetde 4 müňe golaý türkmen ýaşlary bilim alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026