HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda BMG-Habitat-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Dekabr 13, 2023 | 19:35 |6025
Çarşenbe güni, 13-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol geçirildi.Çarşenbe güni, 13-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Çarşenbe güni, 13-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol geçirildi.

Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyga daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça BMG-Habitat-yň sebitleýin geňeşçisi Katýa Şefer, şeýle hem degişli ministrlikleriň we Türkmenistanyň pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG-Habitat-yň wekilhanasyny açmak boýunça mundan beýläkki çäreler barada pikir alyşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Gatnaşyjylar degişli ministrlikler we Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginini hem bellediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen ilatly nokatlar boýunça hyzmatdaşlyk milli şäher syýasatlaryny, düzgünnamalaryny, meýilnamalaşdyryş we dizaýn ýörelgelerini, şäher ykdysadyýeti we maliýe pudagyny has hem ösdürmäge goşant goşýar. Türkmenistan BMG-Habitat-yň ýurtda wekilhanasyny açmaga taýýardygyny 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumda yglan etdi, şol döwürde DÖM-nyň 11-ni durmuşa geçirmek boýunça Arkadag şäher modeliniň görkezilişi bilen ugurdaş çäre geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026