HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amazon lazer şöhlesi arkaly kosmosa sekuntda 100 gigabite ýetýän maglumat iberdi

Dekabr 15, 2023 | 16:54 |8267
Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi.Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi.
Çeşme: 3dnews.ru

Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Munuň üsti bilen Amazon sekuntda 100 gigabite ýetýän maglumat geçirişini we kabul edilmegini ýola goýmagy başardy. 1000 kilometr uzaklykda onlaýn dükanlarda satyn almalara öýkünmek we ýokary durulykly wideolary görmek ýaly lazer kanaly arkaly dürli maglumatlar iberildi we kabul edildi.

Orbitadaky aragatnaşyk hemralarynyň arasynda lazer aragatnaşygy Ýerdäki abonentlere pes derejeli gijikdirmeler bilen maglumat alyşmaga mümkinçilik berer. Netijede, ýolagçy uçarlarda we gämilerde ýolagçylar we uzak ýerlerde ýaşaýanlar çalt, hemme ýerde internet birikmelerinden lezzet alyp bilerler.

Amazon Project Kuiper aragatnaşyk hemra topary, SpaceX kompaniýasynyň Starlink hyzmatyna bäsdeş hökmünde döredilip, onuň hemralary 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Arş giňişliginde ýerleşdirilip başlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026