Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ulgamlaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi

Dekabr 15, 2023 | 10:27 |5143
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyny belledi.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyny belledi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyny belledi.

Ol bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli işçi toparyň nobatdaky mejlisinde beýan etdi.

Türkmenistan-BMG Strategiki maslahat Geňeşiniň işini täzeçe ýola goýmak, geňeşiň düzüminiň agzalyk meselelerine seretmek we täzelemek hem-de Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynynyň, DÖM-iň we bu geňeşiň çäginde beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki mejlisleri ýylyň başynda bilermenler derejesinde, ýylyň ahyrynda ýolbaşçylar derejesinde öňünden kesgitlenen gün-tertibine laýyklykda geçirmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Häzirki zaman ýaşyl tehnologiýalary ulanmak arkaly azyk howpsuzlygynyň we howanyň üýtgemeginiň meselelerini dolandyrmak; sanlylaşdyrmak işini we maglumatlary dolandyrmak; bilim bermegiň mekdep we ýokary hünär basgançaklarynyň ösüşini üpjün etmek; saglygy goraýyşyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda adam hukuklary institutlaryny ösdürmek, ýagny, adam hukuklaryny goramak boýunça institutlaryň düzüminde ýörite çagalaryň hukuklaryny, aýallaryň hukuklaryny goramak boýunça degişli ugurlary döretmek meselelerine garaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026