Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bellendi

Dekabr 15, 2023 | 02:28 |14336
12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Moskwadaky Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary

12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.

1.jpg

Çäre “Rus-türkmen medeniýet merkezi” täjirçilik däl awtonom guramasy, “Hazaryň mirasy” atly Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmak gaznasy, hem-de Moskwadaky Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary tarapynda geçirildi.

2 (edited).jpg

Moskwanyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen we rus suratkeşleriniň eserleri ýerleşdirilen sergi bilen açyldy. “Rus-türkmen medeniýet merkezi” täjirçilik däl awtonom guramasynyň direktory Kamilžan Kalandarow 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga geljekde hem ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle resminama Milletler Bileleşiginiň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi.

3.jpg

Moskwanyň Milletler öýüniň direktory Sergeý Anyfriýenko hem ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Sergide esasan Waleriýa Kurbanowanyň we Dariýa Asadullaýewanyň işleri görkezildi. Onda Moskwadaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Togrul Ýarmämmedowanyň we garfikaçy kristina Grinýowanyň işlerine hem orun berildi. Gatnaşyjylar olaryň täsin işlerine ýokary baha berdiler. Mysal üçin Waleriýa Kurbanowanyň kendir matanyň ýüzüne çeken suratlary umumadamzat filosofiki pikirlerini, filosofiýasyny, Dariý Asadullaýewiň işleri hem anyk geçmişi gürrüň berýär.

4.jpg

Çäräniň çäklerinde Moskwanyň Milletler öýüniň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy – Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygyň möhüm şerti” atly maslahat hem guraldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň başlygynyň orunbasary Boris Çernişow gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Maslahatyň çäklerinde çykyş edenler halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini, ýurduň geosyýasy we geo-ykdysady kuwwatyny parahatçylygyň hatyrasyna ulanmagy göz öňünde tutýan Garaşsyz döwletiň Bitaraplygynyň hukuk derejesi barada durup geçdiler. Söwda we ykdysady gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly daşky gurşaw, energiýa howpsuzlygy we halkara ulag geçelgelerini döretmek babatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň we baýlaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bellendi.

5.jpg

Kompozitor Mämmet Guseýinow öz çykyşynda: “Türkmenistanyň mysalynda adamzat taryhynda medeni gepleşikleriň ähliumumy özara täsir diji guraly ösdi. “Medeni” düşünjäni ýaýratmak üçin Bitaraplyk syýasaty şeýle möhzm gural hasaplanyp bilner.

Çäräniň ahyrynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” 7-nji halkara sungat festiwalynyň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti guraldy.

6 (edited).jpg

Ýygnananlar dogduk Watanlarynyň – Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegini arzuwlap, şeýle çäreleriň geljekde hem yzygiderli guralmalydygyny nygtadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026