HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdi

Dekabr 14, 2023 | 23:09 |9092
14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.

2-1.jpg

Bu çärede Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani we Aşgabatdaky Eýranyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli çykyş etdiler. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, olar bilelikdäki bu döredijilik taslamasynyň, türkmen bilen eýran halklarynyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we hoşniýetli gepleşikleri güýçlendirmek üçin döredilendigini bellediler.

3-2.jpg

Sergide çeper senetçilik, keramika, torewtika, şaý-sepler, haly we keçe şeýle-de milli öý bezegleriniň görnüşleri görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde amaly-haşam sungat eserlerini ýasamak we bezemek usullary hödürlendi.

4-1.jpg

Eýrandan gelen myhmanlar, mozaika sungatynyň hünärmenleri ajaýyp bezeg plitalaryny döretmek däpleri, stilleri, usullary we materiallary barada leksiýa berdiler.

Iki halkyň medeni baýramçylygy türkmen we eýranly sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Ol Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda bolup geçdi.

5-1.jpg

Eýranyň wekiliýeti üçin ekskursiýa maksatnamasy hem taýýarlandy. Goňşy ýurduň wekilleri Aşgabat şäherine gelenlerinden soň "Nusaý" taryhy we medeni goraghanasyna baryp gördüler, Mary welaýatynda bolsa, olar Gadymy Merw şäherine syýahat ederler we türkmeniň paýtagtyna gaýdyp gelenlerinde şäheriň häzirki zaman gözel ýerleri bilen tanşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026