HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Çançun şäherinde 27-nji buz we gar festiwaly açyldy

Dekabr 14, 2023 | 00:35 |13309
Çançunyň buz we gar festiwaly ilkinji gezek 1998-nji ýylda geçirilip, ol ýurduň iň iri gyşky baýramlarynyň biri hökmünde köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.Çançunyň buz we gar festiwaly ilkinji gezek 1998-nji ýylda geçirilip, ol ýurduň iň iri gyşky baýramlarynyň biri hökmünde köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.
Çeşme: news.cn

Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Szilin sebitiniň merkezi şäherinde 27-nji Çançun buz we gar festiwaly açyldy. Onda 30-dan gowrak dynç alyş desgasy bu ýere gelýänlere hyzmat edýär.

Bu ýyl festiwal "Çançunyň buz we gar dünýäsi" atly seýilgähinde geçirilip, onuň 1,56 million inedördül metr çäginde 120 sany kompozisiýa döredilipdir. Munuň üçi 738 müň kub metr möçberdäki buz we gar ulanylypdyr. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi mälim edýär.

Çançunyň buz we gar festiwaly ilkinji gezek 1998-nji ýylda geçirilip, ol ýurduň iň iri gyşky baýramlarynyň biri hökmünde köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.

"Ctrip" syýahatçylyk operatorynyň mälim etmegine görä, buzdan we gardan döredilen bu şäheri görmek üçin dekabr aýynda öňünden bron edilen biletleriň sany geçen ýylyň degişli aýyndakydan 628 göterim artypdyr. Gyşky syýahatçylygyň çäklerinde satylan toparlaýyn syýahatlaryň möçberi geçen ýylky bilen deňeşdireniňde 15 esse ýokarlanypdyr.

Çançunyň ýerli hökümetiniň wekilleriniň bellemegine görä, Szilin sebitinde buzdan we gardan döredilýän şäherçe adamlara täze güýç we ruhubelentlik eçilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026