HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Inžener we kompýuter grafikasy boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri mälim edildi

Dekabr 13, 2023 | 13:41 |5927
Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan inžener we kompýuter grafikasy dersinden geçirilen halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 6-sy altyn medala eýe boldy.Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan inžener we kompýuter grafikasy dersinden geçirilen halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 6-sy altyn medala eýe boldy.
Çeşme: tohi.edu.tm

Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan inžener we kompýuter grafikasy dersinden geçirilen halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 6-sy altyn medala eýe boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Habar berlişine görä, birinji orna jemi 16 talyp eýe boldy. Şolaryň içinde Baltika döwlet tehniki uniwersitetiniň, Moskwanyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Russiýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň (MIREA), Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, K.A.Timirýazew adyndaky Moskwanyň oba hojalyk akademiýasynyň, A.N.Tupolew adyndaky Kazanyň milli ylmy-barlag we tehniki uniwersitetiniň, M.F.Reşetnikow adyndaky Sibiriň döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary bar.

Türkmenistandan ýeňijileriň arasynda Hangeldi Hümmedow we Döwlet Orazgeldiýew (Türkmen oba hojalyk instituty), Bagtyýar Ereşow we Akmuhammet Taganow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary), Baýrammämet Nyýazow (Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty) we Seýran Amangeldiew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) bar.

Intellektual çempionata Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň 20 ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdy. Synag döwründe gatnaşyjylar “Autocad”, “Kompas-3d”, “Autodesk Inventor”, “Solidworks” programmalaryny ulanyp, 240 minutda 3D modellerini döretdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026