HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mirziýoýew Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze taryhy sepgitlere ýetilendigini belleýär

Dekabr 13, 2023 | 11:47 |4857
Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Çeşme: tass.ru

“Şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda täze taryhy sepgitlere ýetendigimizi we ýokary derejedäki dialogymyzy işjeňleşdirmegiň hasabyna strategik hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrandygymyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Elbetde, biz doganlyk Türkmenistanyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny, sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, hemmetaraplaýyn gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryny hemişe işjeň goldaýarys” diýip, Özbgeistanyň döwlet Baştutany nygtaýar.

Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem gutlag hatyny iberdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026