HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgeni Katar döwletinde geçirilen ýaryşda altyn medala eýe boldy

Dekabr 12, 2023 | 21:40 |7506
Türkmen agyr atletikaçy türgeni Şahzatbek Mätýakubow, Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen şu ýylyň ikinji gran-pri ýaryşynda 97 kilogram agramda çykyş edip, altyn medala eýe boldy.Türkmen agyr atletikaçy türgeni Şahzatbek Mätýakubow, Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen şu ýylyň ikinji gran-pri ýaryşynda 97 kilogram agramda çykyş edip, altyn medala eýe boldy.
Çeşme: iwf.sport

Türkmen agyr atletikaçy türgeni Şahzatbek Mätýakubow, Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen şu ýylyň ikinji gran-pri ýaryşynda 97 kilogram agramda çykyş edip, altyn medala eýe boldy.

Ildeşimiz bu ýokary derejä jemi 371 kilogram agram görkezijisi bilen eýe boldy. Milli ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Mansur Rejepowyň belleýşi ýaly, türkmen türgeniniň gazanan bu üstünligi Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilýän günlerinde hakyky toý sowgady boldy.

Türkmen türgeniniň ýeňşi hemmeleri haýrana goýdy. Ýaryşyň janköýerleriniň aglabasy bu agramda baş baýraga ermenistanly türgen Dewid Oganesýana nesip etjekdigine garaşýardy. Netijede, ol türkmen türgeninden 1 kilogram agram bilen asgyn geldi.

Bu netije Doha şäherinde geçirilýän ýaryşda Türkmenistanyň gazanan ilkinji iň ýokary baýragydyr. Türkmen türgenleriniň 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna ýol açýan bu ýaryşlarda başga bir ildeşimiziň bürünç medal gazanandygyny ozal habar beripdik.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026