HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Dekabr 11, 2023 | 10:22 |7098
12-nji dekabrda Moskwanyň Milletler öýünde Tükmenistanyň medeniýet günleri geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.12-nji dekabrda Moskwanyň Milletler öýünde Tükmenistanyň medeniýet günleri geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.
Çeşme: medeniyet.gov.tm

12-nji dekabrda Moskwanyň Milletler öýünde Tükmenistanyň medeniýet günleri geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara uly orun berler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Dabarany «Rus-Türkmen Medeniýet Merkezi», «Hazar mirasy» atly Hazar halklarynyň dostlugyny berkitmek boýunça Döwletler gaznasy, Moskwada geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde guraýar.

Dabaralaryň çäklerinde türkmen-rus suratkeşleriniň sungat sergisi geçiriler. Bu sergide Waleriý Kurbanowyň, Darius Asadullaýewiň, heýkeltaraş Togrul Ýarmämedowyň, grafika suratkeşi Kristina Grinewanyň eserleri görkeziler. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi tarapyndan gurnalýan Türkmenistandaky we GDA ýurtlaryndaky rus mekdepleri üçin Moskwanyň neşirýatlaryndan kitaplaryň sergisi guralar.

Şol gün sagat 14:00-da «Türkmenistanyň Bitarap statusyny Merkezi Aziýada we Hazar deňzinde möhüm howpsuzlyk faktorydyr» atly halkara maslahat geçiriler.

Maslahatyň yzysüre sagat 16:30 Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçiriler. Onda Moskwada geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri çykyş eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026