HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Singapurda geçirilen Bütindünýä binagärlik festiwalynyň emin agzalary 2023-nji ýyldaky dünýäniň iň oňat binalaryny yglan etdi

Dekabr 09, 2023 | 21:27 |14047
Her ýyl geçirilýän Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylda Singapurda geçirildi (WAF) “Ýylyň bütindünýä binasy”, “Ýylyň peýzažy” we “Ýylyň geljekki taslamasy” nominasiýalary boýunça baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi diýip, “New Atlas” habar berýär.Her ýyl geçirilýän Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylda Singapurda geçirildi (WAF) “Ýylyň bütindünýä binasy”, “Ýylyň peýzažy” we “Ýylyň geljekki taslamasy” nominasiýalary boýunça baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi diýip, “New Atlas” habar berýär.
Çeşme: newatlas.com

Her ýyl geçirilýän Bütindünýä binagärlik festiwaly 2023-nji ýylda Singapurda geçirildi (WAF) “Ýylyň bütindünýä binasy”, “Ýylyň peýzažy” we “Ýylyň geljekki taslamasy” nominasiýalary boýunça baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi diýip, “New Atlas” habar berýär.

Bütindünýä binagärlik festiwalynyň emin agzalary Hytaýda adaty bolmadyk mekdep binasyny, öňki temmäki zawodynyň ýaşyl seýilgähe we bio-ýangyç öndürýän belent bina öwrülendigine gowy baha berdiler.

Ýylyň binasy, “Approach Design” we Çžetszýan Tehnologiýa uniwersitetiniň inženerçilik dizaýn topary tarapyndan döredilen Hytaýyň “Huýçžen” orta mekdebi boldy. WAF okuwçylar üçin birnäçe zonalary birleşdirýän adaty bolmadyk dizaýny öwdi.

1.jpg

Huýçžen mekdebi Ninbo şäherinde ýerleşýär we egrem-bugram ýollar bilen birleşdirilen ýokary synp otaglaryndan ybaratdyr, “gök öwüsýän tokaý” meýdançasy bolup, okuwçylara mekdep sapaklaryndan uzakda dynç almak üçin ýer we gök öwüsýän jaýlar gurlupdyr. Başga bir ýerdäki rampa açyk asmanda leksiýa otagy hökmünde işleýän ýokarky eýwanyna eltýär. Şeýle hem sport desgalary bolan seýilgäh hem bar. Mekdebiň gapdalynda uly sport stadiony ýerleşýär.

“Binagärler, okuwçylaryň saklanan, okadylýan we binagärlik basyşyna sezewar bolan adaty okuw jaýyndan düýpgöter tapawutly mekdebi döretmegi başardylar. Munuň tersine, bu taslama gezelençleri, arassa howany we okuwdan uzakda pikirlenmek mümkinçiligini höweslendirýär”-diýip, Bütindünýä binagärlik festiwalynyň programma müdiri Pol Finç aýtdy.

2.jpg

“Ýylyň peýzažy” baýragy Turenscape kompaniýasynyň “Benýakki tokaý seýilgähi” taslamasy üçin berildi. Firma Bangkokdaky öňki temmäki zawodynyň ýerini aýratyn idegi talap etmeýän ýaşyl seýilgähe öwürdi. Seýilgäh sil suwlaryny ýygnaýar, hapalanan suwlary süzýär we şäheriň merkezindäki köp ýerlerde ýabany tebigatyň möhüm ýaşaýyş ýerlerini üpjün edýär.

3.jpg

“Ýylyň geljekki taslamasy” entek tamamlanmadyk taslamalary ykrar edýär. Bu ýyl bu ugurda “Design and More International” tarapyndan gurulýan Kairdäki “Probiotic Tower” ýeňiji boldy. Bu daşky gurşaw üçin bio-ýangyç öndürýän ekologiýa taýdan arassa beýik binadyr. WAF-yň eminleri bu taslamany "şäherdäki bulaşyklygy, yssylygy we hapalanmagy aýyrmak" üçin peýdaly diýip, bahalandyrdylar.

4.jpg

Global meseleleri çözýän teklipleri ykrar edýän WAF baýragy Arup kompaniýasyna berildi. Onuň taslamasy, jemgyýetiň gazylyp alynýan ýangyçsyz geljege geçmegi bilen nebit desgalarynyň durnukly deňiz maglumat merkezlerine nädip dolanyp boljakdygyny öwrenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026