HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan oktýabr aýynda altyn satuwynda dünýäde öňdebaryjy boldy

Dekabr 10, 2023 | 00:34 |12467
“World Gold Council” guramasynyň habaryna görä, Özbegistan oktýabr aýynda dünýäde iň köp altyn satyjy ýurt boldy.“World Gold Council” guramasynyň habaryna görä, Özbegistan oktýabr aýynda dünýäde iň köp altyn satyjy ýurt boldy.
Çeşme: gazeta.uz

“World Gold Council” guramasynyň habaryna görä, Özbegistan oktýabr aýynda dünýäde iň köp altyn satyjy ýurt boldy.

Oktýabr aýynda merkezi banklar dünýädäki altyn ätiýaçlyklaryny 42 tonna artdyrdy. Bu sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 41% peselendigini görkezýär, ýöne 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky ortaça görkezijisinden 23% ýokarydyr.

Iň uly alyjy ýene-de Hytaýyň Halk Banky (23 tonna), ondan soň Türkiýäniň Merkezi Banky (19 tonna) we Polşanyň Milli Banky (3 tonna) boldy.

Özbegistan gymmat bahaly metallaryň iň köp satyjysy boldy – ýagny, 11 tonna. Ondan soň 2 tonna satan Gazagystan gelýär. “World Gold Council”-yň habaryna görä, olar köplenç gymmat bahaly metal satyn almak bilen satmagyň arasynda geçýärler, bu içerki bazarda altyn satyn alýan banklarda-da seýrek däl.

Oktýabr aýynda dünýäde altyn satuwynda birinji orny eýelän Özbegistan ätiýaçlyklaryny 339 tonna çenli azaltdy, diýip, gazeta.uz ýazýar.

Neşir şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna salgylanýar, Oktýabr aýynda Özbegistan 1,23 milliard dollarlyk altyn eksport etdi we 10 aýyň dowamynda ol rekord derejede 6,87 milliard dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse köpdir.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Merkezi Banky 0,7 million troý unsiýasyny ýa-da 21,7 tonna altyn satdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026