HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda “aýlawly” gökdirän binalar peýda bolar

Dekabr 09, 2023 | 10:48 |7692
Şençžen şäherinde Hytaýyň “Tencent” tehnologiýa korporasiýasynyň täze ştab-kwartirasyna öwrüljek “aýlawly” beýik binalaryň toplumy gurlar. Taslama Ole Şireniň binagärlik býurosy tarapyndan amala aşyrylýar.Şençžen şäherinde Hytaýyň “Tencent” tehnologiýa korporasiýasynyň täze ştab-kwartirasyna öwrüljek “aýlawly” beýik binalaryň toplumy gurlar. Taslama Ole Şireniň binagärlik býurosy tarapyndan amala aşyrylýar.
Çeşme: newatlas.com

Şençžen şäherinde Hytaýyň “Tencent” tehnologiýa korporasiýasynyň täze ştab-kwartirasyna öwrüljek “aýlawly” beýik binalaryň toplumy gurlar. Taslama Ole Şireniň binagärlik býurosy tarapyndan amala aşyrylýar.

“Tencent Helix” diýlip atlandyryljak toplumda dört sany gökdirän binalar bolup, olaryň iň beýikleri ýerden 153 metr beýiklige çykar. Häzirki zaman “tüweleý (aýlawly) görnüşli” şäher merkezinde ýaşyl meýdança – ýagny, işgärleriň boş wagtlarynda dynç almagy üçin niýetlenen ullakan açyk bag hem bolar. Daşarky fasad (binanyň öň tarapy) köp gün şöhlesiniň geçirmäge ukyply prizmatik aýna paneller bilen örtüler.

IMG_20231209_104619.jpg

Takmynan çaklamalara görä, “Tencent Helix”-iň umumy meýdany takmynan 500 000 m2 bolup, ol - “Apple”-iň Kaliforniýadaky ştab-kwartirasyndan (iki esse) we “Amazon”-yň ştab-kwartirasyndan (takmynan üç esse) uludyr.

“Tencent Helix-iň dizaýny, kompaniýanyň çalt ösüşini görkezýär. Bu, aýlanýan eňňit bilen asmana çykýan aýlawly gurluş bilen alamatlanýar. Toplumyň silueti (şekilleriň profiliniň tekiz, monohromatiki şekili) tüweleýiň spiral görnüşli hereketine meňzeýär. Arhitektura görnüşleri döredijilik we tehnologiýany özüne çekiji giňişlikde birleşdirýär”-diýip, taslama gözegçilik edýän binagärlik bölüminiň direktory pikirini paýlaşýar.

IMG_20231209_104759.jpg

Taslamanyň tamamlanjak senesi entek belli däl, ýöne onuň netijelerinden Hytaýyň tehnologiýa ägirtleriniň täze edara binasynyň hakyky binagärlik gudraty boljakdygy eýýäm bellidir.

ORIENT habarlary

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026