HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada uly göwrümli ýük ulaglaryna ýörite rugsatnamalary bermek möhletini gysgaltdylar

Dekabr 09, 2023 | 03:30 |10621
Russiýada uly göwrümli ýük ulaglarynyň awtomobil ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti gysgaldyldy.Russiýada uly göwrümli ýük ulaglarynyň awtomobil ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti gysgaldyldy.
Çeşme: drive-land.net

Russiýada uly göwrümli ýük ulaglarynyň awtomobil ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti gysgaldyldy.

Indi şeýle resminamalar üç sagadyň içinde berler, häzir bolsa munuň üçin 7 günden 9 güne çenli garaşmak gerek.

Russiýa hökümeti tarapyndan tassyklanan uly göwrümli ýük ulaglarynyň hereketiniň kadalary bu ulaglaryň hereket etjek ýoluny awtomatik ýagdaýda bellemäge geçmegi göz öňünde tutýar. Awtomobil ýollaryň tehniki häsiýetnamalary, olarda hereket edýän ulag serişdeleriniň rugsat berilýän göwrümi we agyrlygy baradaky maglumatlar awtomobil ýollaryň eýeleri tarapyndan ýörite rugsatnamalary berýän ulgama girizilýär.

Rugsatnama üçin ýüz tutulanda ulgamyň özi ugruň görnüşlerini kesgitlär we awtoulagyň eýesine teklip eder. Şeýle hem ulgam awtomobil ýollara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin tölenmeli tölegiň möçberini awtomatik ýagdaýda hasaplar.

Bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji martynda güýje girer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026