HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BAE ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny iki esse ýokarlandyrmagy maksat edinýärler

Dekabr 08, 2023 | 10:23 |5205
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammeli resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda Aşgabat bilen Abu-Dabiniň ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmak isleýändigini aýtdy.Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammeli resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda Aşgabat bilen Abu-Dabiniň ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Çeşme: pixabay.com

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Al-Haý Al Hammeli resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda Aşgabat bilen Abu-Dabiniň ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmak isleýändigini aýtdy.

“Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi başdan geçirýär. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylda söwda dolanyşygynyň mukdary 49 göterim ösüp, takmynan 1 milliard 300 million dollara (nebit söwdasyny hasaba almanyňda) ýetdi. Biziň maksadymyz ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmak" diýip, ilçi makalasynda belleýär.

Şu ýyl ýurt yglan edilmeginiň 52 ýyllygyny belleýär. Bu döwürde ýurt Pars aýlagynda iň ösen ykdysady döwletleriň birine öwrülmegi başardy. Ilçi: "BAE halkara bäsdeşlik ukyplylygy babatda ençeme ýyldan bäri öňdeligi eýeläp gelýär we dünýäniň ähli ýurtlarynyň arasynda 186 görkeziji boýunça birinji, 508 görkeziji boýunça Arap dünýäsinde birinji orunda durýar" -diýdi.

Ahmet Al-Haý Al Hammeli iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda şol sanda nebit-gaz pudagynda-da ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine umytly garaýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026