HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Dekabr 05, 2023 | 23:03 |7967
5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

1-3.jpg

Nygtalyşy ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak, işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, baý tebigy serişdeleriň bolmagy, döwletimiziň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär. Nebitgaz pudagy, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.

ABŞ-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026