HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Benin Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Dekabr 05, 2023 | 16:42 |5590
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwada) Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwada) Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwada) Akambi Andre Okunlola-Biaudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Mätiýew diplomaty bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady we munuň Türkmenistan bilen Beniniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar BMG, EKOSOS we beýleki halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky utgaşdyrylan hyzmatdaşlygyň geljegine göz aýladylar we Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri guramak, ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek barada pikir alyşdylar şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini belläp geçdiler.

Benin Atlantik ummanynyň Gwineýa aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Paýtagty Porto-Nowo şäheridir, ýöne ýurduň ykdysady merkezi Günbatar Afrikanyň üstaşyr söwda ulgamynda möhüm baglanyşyk bolan port şäheri Kotonudyr. Ýurt pagta, nohut, palma ýagy, mekgejöwen we ananas eksport edýär. Benin elektrik energiýasynyň importyna 90%, energiýa çeşmeleriniň importyna bolsa 100% baglydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026