HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da syýahatçylyr üçin sanly wizalary synag edýärler

Dekabr 06, 2023 | 09:58 |7055
ABŞ-da tutuş dünýäden gelýän syýahatçylar üçin sanly wizalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.ABŞ-da tutuş dünýäden gelýän syýahatçylar üçin sanly wizalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.
Çeşme: arabianbusiness.com

ABŞ-da tutuş dünýäden gelýän syýahatçylar üçin sanly wizalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň konsullyk işleri boýunça býurosy adaty wiza derek sanly wizany bermek mümkinçiligini işläp taýýarlaýar. Wiza (rugsatnama) çap ediler we pasportuň içine ýerleşdiriler.

Bu amal ilkinji gezek ABŞ-nyň Dublindäki (Irlandiýa) ilçihanasynda synag edildi. Geljekde şeýle görnüşdäki amerikan wizalary ähli ýolagçylara teklip ediler.

“Munuň özi biziň daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyza wiza folgasyny ibermek boýunça çykdajylarymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ýene-de bu awiakompaniýalar, howa menzillerindäki wekiller bilen habarlaşmagyň örän döwrebap usulydyr” diýip, ABŞ-nyň Konsullyk işleri boýunça býurosynyň ministriniň wiza hyzmatlary boýunça kömekçisiniň orunbasary Juli Stafft aýtdy we indi wizanyň derejesi barada elektron görnüşde habar bermek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýöne käbir adamlara barybir konsullygyň işgäri bilen gürrüňdeşlik geçmek zerur bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026