Magtymgulynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy Hindistanda tanyşdyryldy


Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Iri goşgular ýygyndysy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy habar berýär.
Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy we medeni dünýäsi” atly ylmy we medeni maslahatyň çäginde guraldy. Bu çäre “Hindistan-Merkezi Aziýa” gaznasynyň we Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň ýakyndan golda bermeginde geçirildi.
Bir ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary Magtymgulynyň Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysyny taýýarlamak boýunça iş alyp bardylar. Şahyryň goşgulary şeýle-de beýleki daşary ýurt dillerine, şol sanda Merkezi Azýa halklarynyň dillerin hem terjime edildi.
ORIENT news








