HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň işewür topary 5-7-nji dekabrda Türkmenistanda saparda bolar

Dekabr 04, 2023 | 07:09 |11467
ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi (USTBC) her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl 5-7-nji dekabr aralygynda Aşgabada ýyllyk iş saparyny amala aşyrar.ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi (USTBC) her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl 5-7-nji dekabr aralygynda Aşgabada ýyllyk iş saparyny amala aşyrar.
Çeşme: orient.tm

ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi (USTBC) her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl 5-7-nji dekabr aralygynda Aşgabada ýyllyk iş saparyny amala aşyrar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary derejeli Hökümet agzalary bilen "tegelek stol" görnüşli maslahatlaşmalar we ABŞ-nyň ilçihanasy bilen özara gepleşikler geçiriler.

ABŞ-Türkmenistan işewürlik geňeşiniň forumy Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Bu ýerde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň düzümine “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, Jon Dir, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girer.

Şu ýylyň aprel aýynda hem Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen gelipdi. Bu geňeşiň ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistan-ABŞ Işewürlik geňeşi, Türkmenistanyň Halk Maslhahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň işewür toparlary bilen geçirilen duşuşykda öňe sürlüp döredilipdi. Dolandyryş merkezi Waşingtonda ýerleşýän bu telekeçilik däl guramasy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026