HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan TOPH taslamasyny halkara derejede maliýeleşdirilmek işiniň gaýtadan dikeldilmegine umyt bildirýär

Dekabr 02, 2023 | 21:33 |9914
Owgan tarapy Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin bankara maliýeleşdiriş kanallarynyň tiz wagtda başlamagyna umyt baglaýar.Owgan tarapy Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin bankara maliýeleşdiriş kanallarynyň tiz wagtda başlamagyna umyt baglaýar.
Çeşme: orient.tm

Owgan tarapy Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin bankara maliýeleşdiriş kanallarynyň tiz wagtda başlamagyna umyt baglaýar. Bu barada Owganystanyň Aşgabatdaky söwda attaşesi Muhammet Harun Saidi "TASS" habarlar agentliginiň habarçysyna aýtdy.

“Biz banklarda doňdurylan maliýe serişdelerimiziň tiz wagtda elýeterli bolmagyny we taslamany maliýeleşdirjek we goldajak halkara düzümleriniň ýollarynyň açylmagyny isleýäris. Gatnaşyjy ýurt hökmünde biziň TOPH-daky maliýeleşdirmeli paýymyz 150 million dollara deň"-diýip, ol aýtdy.

Şeýle hem goňşy döwletiň Türkmenistandaky söwda wekili TOPH taslamasynyň gatnaşyjy ýurtlarda işewürligiň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döretjekdigini we olary has ýakynlaşdyrjakdygyny aýtdy.

TOPH taslamasy Türkmenistandan Pakistana, Owganystana we Hindistana gaz ibermäge mümkinçilik döretjek taslamadyr. Bu taslama 4 ýurduň çäginden geçer: Türkmenistanyň günortasyndaky "Galkynyş" gaz ýatagyndan gözbaş alýan gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleri boýunça Hindistanyň Fazilka şäherine çenli uzar. Bu taslamany gurmak boýunça gepleşikler 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri dowam edýär. 2022-nji ýylyň mart aýynda Aziýanyň Ösüş Banky BMG-niň we iri dünýä ykdysadyýetleriniň Owganystanyň täze hökümetini ykrar edýänçä maliýeleşdirmek işini wagtlaýyn togtatýandygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026