HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda "COP28" sammiti geçirilýär

Dekabr 01, 2023 | 16:10 |8723
12-nji dekabra çenli dowam etjek bütindünýä forumyna dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan döwlet we Hökümet Baştutanlary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.12-nji dekabra çenli dowam etjek bütindünýä forumyna dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan döwlet we Hökümet Baştutanlary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.
Çeşme: REUTERS

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty (COP28) geçirilýär. 12-nji dekabra çenli dowam etjek bütindünýä forumyna dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan döwlet we Hökümet Baştutanlary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň görnükli wekilleri gatnaşýarlar.

"COP28" maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine bagyşlanan ýüzlerçe çäre geçiriler. 1-2-nji dekabrda bolsa ýokary döwlet we Hökümet ýalbaşçylarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä howa sammiti geçiriler. Onda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň öz ýurtlarynyň howa meselelerine bolan garaýyşlary barada milli garaýyşlary beýan ediler. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Maslahat Dubaý sergi merkezinde (Expo City) geçirilýär. Dürli ýurtlardan 70 müňden gowrak wekiliň kabul edilmegine garaşylýar. Şeýlelikde, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň geçirilen maslahatlarynyň iň köp adamyň wekilçilik eden forumy bolar.

2.jpg

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň penşenbe güni geçirilen maslahatynyň wekilleri ösýän ýurtlarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly betbagtçylyklaryň öňüni almak we dikeltmek üçin täze gaznany döretmek kararyna geldiler.

Maslahatyň birinji gününde birnäçe ýurt täze gazna ilkinji goşantlaryny goşdy. Forumy geçirýän BAE hem-de Germaniýa gazna 100 million, Beýik Britaniýa 17,5 million, ABŞ hem 17,5 million dollar möçberde maýa goýdy.

"COP28-iň" prezidenti Soltan Al Jaber bu kararyň dünýä ähmiýetli işler üçin oňyn başlangyçdygyny aýtdy.

3.jpg

"COP28" weýrançylykly suw joşmalarynyň we Ýer ýüzüni gurşap alýan ýangynlaryň täsirinde şu ýylyň yssy howaly boljakdygyny mälim edýär.

Sammit ýurtlar üçin bilelikdäki maksatlary ösdürmek we howanyň maliýeleşdirilmegi ýaly dürli gurallar arkaly howanyň üýtgemegini has gowy dolandyrmak üçin uly mümkinçilik hökmünde görülýär.

2015-nji ýylda "COP21" maslahatynda Pariž şertnamasynyň kabul edip, onuň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlar howanyň gyzgynlyk derejesini 2 gradus pese düşürmegi maksat edinýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026