HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndy çap ediler

Dekabr 01, 2023 | 09:26 |9182
Penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Onda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri barada soňky ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde toplanan maglumatlar jemlener. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler hereket edýän ylalaşyklar esasynda, daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar.

Bu täze neşir giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenýär. Şunuň bilen birlikde, neşiri Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, onuň elektron görnüşini internet arkaly okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026