HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary

Dekabr 01, 2023 | 02:48 |8630
2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy

2023-nji ýylyň 29–30-njy noýabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.

Saparyň çäklerinde, Türkmenistan AdalatçysyÝazdursun Gurbannazarowa bilen Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Ombudsmen)ýolbaşçysy Lewan Ioseliani arasynda ikiçäk duşuşygy gurnaldy.

1.jpg

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.

Soňra, Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň orunbasary hanym E.Guduşaurimerkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

2.jpg

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziň we beýleki degişli edaralaryň ýolbaşçylar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmegiň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026