HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen energetika forumyna gatnaşdy

Noýabr 29, 2023 | 20:14 |7541
2023-nji ýylyň 28–29-njy noýabry aralygynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň hökümeti bilen Aziýa ösüş banky (ADB) bilelikde gurnamagynda «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde energetika ugry boýunça maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşdy.2023-nji ýylyň 28–29-njy noýabry aralygynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň hökümeti bilen Aziýa ösüş banky (ADB) bilelikde gurnamagynda «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde energetika ugry boýunça maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşdy.
Çeşme: Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2023-nji ýylyň 28–29-njy noýabry aralygynda Tbilisi şäherinde Gruziýanyň hökümeti bilen Aziýa ösüş banky (ADB) bilelikde gurnamagynda «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde energetika ugry boýunça maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary S.Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine täze energiýa taslamalary, sebitiň hödürleýän maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, energiýa netijeliligi we durnukly çözgütler, ýel we gidrodan bilen baglanyşykly beýleki birnäçe meseleler girizildi. Bu institut CAREC ýurtlarynyň taslamalarynyň arasyny baglanyşdyryjy hökmünde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak boýunça syýasaty, maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de amala aşyrmakda ylalaşygy üpjün edýär.

2 (2).jpg

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrýandygy barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine CAREC maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026