Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti BAE-de saparda bolýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat wekiliýet okuw sapary bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatiýa akademiýasyna baryp gördi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Okuw sapary BAE-niň bilim edaralarynyň gurluşy we işi bilen tanyşlykdan başlandy.
Halifanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň professory Diana Frensis türkmen wekiliýetiniň öňünde howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň ähmiýeti barada sapak berdi. Bu mowzuk Dubaýda 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasynyň öňüsyrasynda has-da möhümdir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary howanyň üýtgemegine garşy göreşde biziň her birimiziň tutýan ähmiýetli ornumyz barada gürrüň berdiler.
Anwar Gargaş adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna sapar bilen gelip gördüler.
ORIENT news








