HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen ýyl 50 dollarlyk banknotlaryň rekordlyk mukdary çap edildi

Noýabr 21, 2023 | 09:27 |8342
Geçen ýyl 50 dollarlyk banknotlaryň rekordlyk mukdary çap edildi diýip 
CNN  habar berýär.Geçen ýyl 50 dollarlyk banknotlaryň rekordlyk mukdary çap edildi diýip 
CNN  habar berýär.
Çeşme: touareg710.livejournal.com

Geçen ýyl 50 dollarlyk banknotlaryň rekordlyk mukdary çap edildi diýip CNN habar berýär.

ABŞ-nyň degişli edarasy bu banknotlaryň jemi 756 096 000 sanysyny çap etdi. Munuň özi 40 ýylyň dowamynda iň ýokary görkezijidir. Eger-de, bu 50 dollarlyklaryň hemmesini goşsaň, onda ABŞ-nyň 37,8 milliard dollaryna deň bolar.

2019-njy ýylda ABŞ-da çap edilen banknotlaryň diňe 3,5 göterimi 50 dollarlyk banknotlardy, 2022-nji ýylda bolsa bu görkeziji 8,5 göterime deň boldy.

Näme sebäbä görä, 50 dollarlyk banknotlar köp çap edilip ugrady? Deň bolsa-da, munuň özi inflýasiýa bilen baglanyşykly däldir.

Hemme zat pandemiýada başlady.

ABŞ-nyň Federal rezerw gullugy adamlaryň nagt puly ýygnamaga başlandyklaryny ýüze çykardy. 2020-nji ýyldan soňra ABŞ-nyň raýatlary gapjyklarynda, awtoulaglarynda, öýlerinde we beýleki ýerlerde nagt puly has köp ýygnamaga başladylar. Muny nazara almak bilen, ABŞ-nyň Federal rezerw gullugy 50 dollarlyk banknotlaryň çap edilýän mukdaryny ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Pandemiýa çenli eger 2 dollarlyk banknotlary nazara almasak, soňky ýyllarda 50 dollarlyklar iň seýrek çap edilýän banknotlaryň biridir. Ýöne 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ABŞ-nyň Federal rezerw gullugy 50 dollarlyklary 5 we 10 dollarlyk banknotlardan has köp çap etmegi tabşyrdy.

Karantin şertlerinde nagt pula talabyň artmagy manysyz bir zat ýaly. Ýöne San-Fransiskonyň Federal rezerw buýurosynyň hünärmenleriniň pikirine görä, nagt pula talabyň artmagy hem-de nagt pul bilen töleg edilmegi bir zat däldir. Olaryň maglumatlary amerikalylaryň gündelik söwdada nagt puly az ulanýandyklaryny, ýöne özlerinde saklaýan nagt puluň möçberiniň pandemiýa çenli döwür bilen deňeşdirilende ýokarydygyny görkezýär.

Dürli nominaldaky banknotlaryň çap edilýän möçberiniň şu ýyl kadaly derejä gaýdyp gelendigini bellemek gerek. Federal rezerw gullugynyň 2023 we 2024-nji ýyllar üçin buýurmalary muňa şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026