HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça ýük daşalyşyny işjeňleşdirmegi teklip edýär

Noýabr 19, 2023 | 01:57 |9470
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ulag-üstaşyr ugry boýunça ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmegi teklip etdi.Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ulag-üstaşyr ugry boýunça ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Çeşme: orient.tm

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ulag-üstaşyr ugry boýunça ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Mejlis hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň başlyklygyndaky Hökümetara toparlarynyň gatnaşmagyna geçirildi.

Ulag babatda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran üstaşyr geçlegesiniň ýokary netijeliligi bellenildi. Bu ugur boýunça Türkmenistanyň üstünden Hytaýdan Eýrana 30 sany synag ýük otlusynyň, Eýrandan Hytaýa bolsa 7 otly düzüminiň geçendigi nygtaldy.

1.JPEG

Ykdysadyýetçileriň bellemegine görä, bu ugur boýunça Hytaýdan Eýrana daşalýan ýüklere sarp edilýän wagty beýleki ugurlara garanda 12 - 14 güne çenli azaltmak mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, degişli ugur boýunça üstaşyr ýükleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Mejlisiň barşynda ýangyç-energetika, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýum, standartlaşdyrmak, serhetýaka söwda-ykdysady zolaklaryny döretmek ýaly möhüm pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

23:15 Iýul 17, 2026
«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

23:05 Iýul 17, 2026
Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

22:50 Iýul 17, 2026