HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Starlink" hemra antennalary öňkülerinden has uly we kuwwatly boldy

Noýabr 18, 2023 | 15:03 |16591
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "SpaceX" kompaniýasy özüniň "Starlink" atly hemra antennalarynyň täze görnüşini çykardy.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "SpaceX" kompaniýasy özüniň "Starlink" atly hemra antennalarynyň täze görnüşini çykardy.
Çeşme: depositphotos.com

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "SpaceX" kompaniýasy özüniň "Starlink" atly hemra antennalarynyň täze görnüşini çykardy.

Kompaniýa täze antennanyň aýratynlyklaryny, onuň suratlaryny we wideoşekilini özüniň web-saýtynda halk köpçüligine ýetirdi. “Starlink” öý antennasynyň ikinji täze nesilli modeliň göwrümi özünden ozalky görnüşden 60 santimetr ulaldy. Şol bir wagtda onuň kuwwatlylygy hem ýokarlanyp, ortaça energiýa sarp edişi 75-den 100 Wt çenli ýokarlandy.

Onuň daşky görnüşinde iň göze ilýän üýtgeşiklik, antennada aýlanýan direg enjamynyň ýoklugydyr. Kompaniýa täze görnüşde antenniň ugruny üýtgetmek üçin diňe burçy sazlaýan diregi galdyrdy. Antennany jaýyň üçegine hem bekidip bolýar.

Täze model, has ýokary derejeli suw we tozan durnuklylygna eýedir. Ony 1 metr suwuň aşagynda 30 minutlap saklasaň hem ýene işlemäge ukyplydyr.

Täze emeli hemra antennasy öý hojalygynda ulanmak üçin niýetlenenip, ýokary ýygylykly aragatnaşyk hyzmatyny üpjün etmäge niýetlenendir. Geljekde “SpaceX” täze “Gen 3” atly ruterli antennasyny satmagy meýilleşdirýär. Ol täze "Wi-Fi 6" neslini goldap, onda iki sany "Ethernet" porty bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026