HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Energiýa serişdeleriniň Pakistana iberilmegi üçin Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegi zerur

Oktýabr 28, 2023 | 20:06 |19324
Ýewraziýa giňişliginde durnuklylyga ýardam etmegiň Pakistana energiýa serişdeleriniň bökdençsiz iberilmeginde uly ähmiýeti bar. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Sajad Haýder Han "BELTA" habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Ol bu ýurtda geçirilen ýokary derejeli "Ýewraziýa howpsuzlygy: özgerýän dünýäde häzirki döwür we geljek" atly halkara maslahatyna gatnaşypdy.Ýewraziýa giňişliginde durnuklylyga ýardam etmegiň Pakistana energiýa serişdeleriniň bökdençsiz iberilmeginde uly ähmiýeti bar. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Sajad Haýder Han "BELTA" habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Ol bu ýurtda geçirilen ýokary derejeli "Ýewraziýa howpsuzlygy: özgerýän dünýäde häzirki döwür we geljek" atly halkara maslahatyna gatnaşypdy.
Çeşme: belta.by

Ýewraziýa giňişliginde durnuklylyga ýardam etmegiň Pakistana energiýa serişdeleriniň bökdençsiz iberilmeginde uly ähmiýeti bar. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Sajad Haýder Han "BELTA" habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Ol bu ýurtda geçirilen ýokary derejeli "Ýewraziýa howpsuzlygy: özgerýän dünýäde häzirki döwür we geljek" atly halkara maslahatyna gatnaşypdy.

Onuň sözlerine görä, Pakistanyň energiýa bolan talaby Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan nebtiň we gazyň import edilmeginiň hasabyna üpjün edilýär.

1-2.jpg

Bellenişi ýaly, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisi we häzirki wagtda gurulýan Merkezi Aziýa - Günorta Aziýa energetika taslamasy ýaly megataslamalar Pakistanyň nebite we gaza bolan barha artýan zerurlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu taslamalaryň ikisi hem Ýewraziýa sebitinde döredi we şonuň üçin-de bu sebitde durnuklulygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmegiň hususan-da, energiýa serişdeleriniň Pakistana iberilmeginde uly ähmiýeti bar.

Ilçiniň sözlerine görä, Pakistanyň deňiz portlarynyň möhüm ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlary üçin uly ähmiýeti bar.

2-3.jpg

Belarus Respublikasynyň paýtagtynda 26-27-nji oktýabrda geçirilen halkara maslahata Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan 300 töweregi wekil gatnaşdy. Şolayrň hatarynda Türkmenistandan wekiller hem bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026