HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Reňkdäki sungat: Türkmen saç stilistleri Sankt-Peterburgdan täze reňkleýiş usullaryny «getirdiler»

Oktýabr 25, 2023 | 18:59 |16030
Häzirki wagtda gözellik pudagy hünärmen ýetmezçiligini çekmeýän hem bolsa, müşderiler hemişe öz ugrundan iň oňat hünärmenlere ýüz tutmak isleýärler. Bu ýokary derejäni saklamak üçin bilimleriň yzygiderli täzelenmegi zerurdyr. Aşgabadyň Estel okuw studiýasynyň stilistler topary bu altyn düzgüne eýerýär we Sankt-Peterburgda ESTEL akademiýasy tarapyndan geçirilen saç reňklemek boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Merkezi Aziýanyň beýleki iki döwletiniň - Gazagystanyň we Özbegistanyň saç reňkleýjileri hem bu okuwyň «talyplary» boldular.Häzirki wagtda gözellik pudagy hünärmen ýetmezçiligini çekmeýän hem bolsa, müşderiler hemişe öz ugrundan iň oňat hünärmenlere ýüz tutmak isleýärler. Bu ýokary derejäni saklamak üçin bilimleriň yzygiderli täzelenmegi zerurdyr. Aşgabadyň Estel okuw studiýasynyň stilistler topary bu altyn düzgüne eýerýär we Sankt-Peterburgda ESTEL akademiýasy tarapyndan geçirilen saç reňklemek boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Merkezi Aziýanyň beýleki iki döwletiniň - Gazagystanyň we Özbegistanyň saç reňkleýjileri hem bu okuwyň «talyplary» boldular.
Çeşme: Estel okuw studiýasy

Häzirki wagtda gözellik pudagy hünärmen ýetmezçiligini çekmeýän hem bolsa, müşderiler hemişe öz ugrundan iň oňat hünärmenlere ýüz tutmak isleýärler. Bu ýokary derejäni saklamak üçin bilimleriň yzygiderli täzelenmegi zerurdyr. Aşgabadyň Estel okuw studiýasynyň stilistler topary bu altyn düzgüne eýerýär we Sankt-Peterburgda ESTEL akademiýasy tarapyndan geçirilen saç reňklemek boýunça halkara seminara gatnaşdylar. Merkezi Aziýanyň beýleki iki döwletiniň - Gazagystanyň we Özbegistanyň saç reňkleýjileri hem bu okuwyň «talyplary» boldular.

2348239.jpg

Hünär endiklerini «ýokarlandyrmak» akademiýanyň mugallymlary tarapyndan geçirildi - bu ýerde saç reňklemegi sungata öwrdiler we gözellik merkeziniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu ugurdaky köp täzeçil we özboluşly usullary hem tärleri köp ýurtlaryň öňdebaryjy saç reňkleýjileri we studiýalary tarapyndan ulanylýar.

Sankt-Peterburgda nazaryýet tejribe bilen gezekleşdirildi. Ussalar saçyň görnüşini we uzynlygyny göz öňünde tutup, iň çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmagy öwrendiler, iň tebigy netije bilen «melirlemek», «airtaçh», «şatuş» stilinde häzirki zaman reňkleýiş usullaryny özleşdirdiler. Ýeri gelende aýtsak, bu ýyl möwsümiň mosady – tebigylyk.

4854389075.jpg

Okuw tamamlanandan soň, türkmen saç reňkleýjileri ESTEL akademiýasynyň mugallymlaryndan ýokary baha, şeýle hem «Halkara tehnolog kömekçisi» diplomlaryny aldylar we indi tejribelerini ýerli dellekler we saç reňkleýjiler bilen paýlaşyp bilerler. Ýöne bu bilim kursunyň diňe birinji tapgyry. Geljek ýyl Aşgabat studiýasynyň hünärmenleri okuwlaryny dowam etdirmegi we «tehnolog-geňeşçi», ýene bir ýyldan soň bolsa gözellik pudagynyň hünär ugrunda täze gözýetimleri açýan «tehnolog-bilermen» adyny almagy meýilleşdirýärler.

8971230897468273.jpg

Ussatlar Aşgabat şäherine gelenlerinden soň, şäheriň saç reňkleýjileri üçin hem, welaýat şäherlerine baryp, seminarlar we ussatlyk sapaklary programmasyny taýýarladylar. Okuwlara gatnaşyjylar täze başlanlar, tejribeli we ösen hünärmenlerdir we her kim başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin düýbünden täze we peýdaly bilimleri «alýar».

Aşgabat studiýasynyň topary Sankt-Peterburgdan häzirki wagtda saç reňklemekde ulanylýan iň häzirki zaman çemeleşmeleri «getirdi». Onda tebigylyga üns ýerilýär. Mysal üçin, ussalar indi çal saçlary näzik «ýapýan» özboluşly bir nagyş döredýärler.

895456778.jpg

«Çal saç mesele däl» atly seminaryň maksatnamasynda hünärmenler çal saçlary dogry örtmek üçin bilmeli beýleki hünär aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Iş ýüzünde bolsa, saç reňkiniň dogry saýlanmagynyň aýal-gyzlary nädip ýaş görkezýändigi we ýüzündäki açyk zülpleriň «prožektor täsirini» döredýändigini we derini oňat ýagtylandyrýandygyny, oňa has täze we sagdyn görünüň berýändigini görkezdiler. Bu «oýun», saçyň ýygnanan görnüşinde-de gowy görkezýär.

289347y902834.jpg

2023-nji ýylda tebigy we açyk öwüşginli ýumşak reňkler modada. Bu trendlar gaty ýönekeý hasaplaýanlar üçin «has ýiti» bir zat bar - Estel stilistleri mowzuklaýyn seminarlarynda häzirki zaman reňkleýişiniň iň meşhur we häzirki görnüşlerini hödürleýärler.

Studiýanyň işgärleri özlerini ösdürýärler we tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşmaga we bilimdäki boşluklary doldurmaga hem hakyky suratkeşler ýaly boýag we reňk bilen dogry işlemegi öwrenmäge çagyrýarlar.

7683058.jpg

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026