HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankarada Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi

Oktýabr 05, 2023 | 14:55 |7641
Penşenbe güni, 5-nji oktýabrda, Ankaranyň Sosial ylymlary uniwersitetinde “Magtymguly Pyragynyň beýik döredijilik mirasy” atly halkara konferensiýa geçirildi.Penşenbe güni, 5-nji oktýabrda, Ankaranyň Sosial ylymlary uniwersitetinde “Magtymguly Pyragynyň beýik döredijilik mirasy” atly halkara konferensiýa geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan berlen

Penşenbe güni, 5-nji oktýabrda, Ankaranyň Sosial ylymlary uniwersitetinde “Magtymguly Pyragynyň beýik döredijilik mirasy” atly halkara konferensiýa geçirildi.

Forum, türkmen edebiýatynyň nusgawy we tutuş Gündogaryň görnükli akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan Ankara Sosial ylymlary uniwersiteti, “EkoAwrasiýa” gaznasy we Türki dünýäsiniň inženerleri we gurluşykçylary bileleşigi bilen bilelikde gurnaldy.

1-1.jpeg

Maslahata Ankarada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň Milli mejlisiniň wekilleri, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gündogarşynaslar, ýazyjylar, türk talyplary we türk uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlislerde konferensiýa gatnaşyjylaryň ünsi, öz döwrüniň ruhy pikir akymlarynyň emele gelmeginde möhüm rol oýnan we ýokary çeper sözleýiş sungatynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan şahyr-gumanist şahsyýetiň global ähmiýetine gönükdirildi.

2-1.jpeg

Şeýle hem, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada pikir alyşdylar.

TÜRKSOÝ-nyň Geňeşiniň 2024-nji ýylda Magtymguly ýylyny türk dünýäsiniň ýurtlarynda yglan etmek karary bu işe berlen goldaw hökmünde bellendi. Beýik şahyryň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli çäreler guralar.

3-2.jpeg

Ankarada geçirilen halkara konferensiýa dört sany temadaky sessiýa bilen dowam etdi, onda Magtymgulynyň filosofiki garaýyşlarynyň we poeziýasynyň esasy taraplary has jikme-jik öwrenildi. Türk akademiki toparlarynyň wekilleri, türkmenleriň nusgawy döredijiligini we ähliumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyny baýlaşdyran paýhas merjenleri baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde ýene bir ädim bolandygyny biragyzdan ykrar etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026