HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara nebit we gaz uniwersiteti Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy

Oktýabr 05, 2023 | 13:02 |6868
Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar.Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýäde tehniki ylymlaryň we bilimleriň ösmegine ýardam edýän abraýly gurama - Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy.

Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasy 1993-nji ýylda Russiýanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň başlangyjy esasynda döredildi. Onuň maksady tehniki ylymlary we innowasiýalary ilerletmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu assosiasiýa Russiýanyň ähli sebitinden we oňa goňşy ýurtlardan 132 ýokary okuw mekdebi agza bolup durýar.

Bu gurama bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş alymlary goldamak we halkara tejribeleri alyşmak üçin dürli çäreleri guraýar. Assosiasiýanyň çäklerinde guralýan olimpiadalar, bäsleşikler, festiwallar, maslahatlar, okuw seminarlary, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli guralýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Inžener-tehniki we ulag-komunikasiýalar instituty, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty we Döwlet energetika instituty bu assosiasiýanyň agzalary bolupdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026